Taryhymyz

Ýewropanyn merkezindäki baý taryhly derman öndürijisi

    

 

 

1890 – Kahlbaum Laborpreparat

1890-njy ýylda Ýohannes Kalbaum himiýa we derman senagaty kompaniýasy bolan “Kahlbaum Laborpreparaty” esaslandyrdy. Köne zawod bir wagtlar Berlin-Adlershofdaky häzirki BERLIN-CHEMIE AG-yn edara binasynda ýerlesýärdi. 20-nji asyryn baslarynda Kahlbaum Laborpreparat eýýäm 250-den gowrak adamy isledýärdi we olar 1000 dürli himikatlary we ilkinji lukmançylyk önümlerini öndürýärdiler.


1927 – "Schering-Kahlbaum AG"-dan "Schering AG"-a geçis

Kompaniýa 1927-nji ýylda Berlin-Wedding-de edara binasy bolan "Schering" kompaniýasy bilen birlesdirilenden sonra, ol ýurtdaky in uly himiýa we derman senagaty kompaniýalarynyn birine degisli boldy we ady "Schering-Kahlbaum AG"-a üýtgedildi.

On ýyldan son, ýagny 1937-nji ýylda kompaniýa "Schering AG" tarapyndan doly alnandan sonra öz bütin strategiýasyny gaýtadan düzdi: Sondan bäri, kompaniýa dine bir himiki-tehniki önümlerini öndürmäge däl-de, eýsem derman önümlerini öndürmäge hem ünsüni ýokarlandyrdy.


1956 – VEB Berlin-Chemie

Ikinji Jahan ursy tamamlanandan sonra, Schering AG-yn Adlershofdaky zawody Sowetlerin eýelän ýerinde we sonlugy bilen Germaniýa Demokratik Respublikasynda ýerlesdirildi. Söküs islerinde kompaniýa masynlary, enjamlary, synaghana desgalaryny we çyg mallary ýitirýär, emma sol bir wagtyn özünde harby administrasiýanyn buýrugy esasynda önümçilik dowam edýärdi. Önümlerin aglaba bölegi Sowet gosunlary tarapyndan öwez tölegi hökmünde alyndy. 1948-nji ýylda, the Adlershof zawody döwlet eýeçiligine geçirildi we döwletin garamagyndaky kärhana öwrüldi.

50-nji ýyllaryn ortalaryndan son kompaniýa "VEB Berlin-Chemie" kompaniýasy hökmünde gol çekildi. Sondan sonky ýyllarda, döwlet eýeçiligindäki kompaniýa Germaniýa Demokratik Respublikasyndaky derman öndürýän in uly himiýa kompaniýalarynyn birine öwrüldi. Penisillin, insulin we hloramfenikoldan dasary, VEB Berlin-Chemie kompaniýasy pestisid we olara degisli önümleri, sonra bolsa jaý gurlusygy üçin silikat we dokma hem-de kosmetika senagaty üçin çig mallary öndürdi.


1990 – BERLIN-CHEMIE Aktiengesellschaft (PLC) esaslandyryldy

Berlin diwarynyn ýykylmagyndan az salym ön, kompaniýanyn geljegini goramak maksady bilen ol jogapkärçiligi çäklendirilen döwlet eýeçiligindäki korporasiýa öwrüldi. Bu bolsa öz gezeginde üýtgesmelere eltdi: Sol pursatdan bäri BERLIN-CHEMIE kompaniýasy esasan derman önümlerine ýöritelesdirildi we öz önümçiligini halkara standartlaryna laýyk getirdi. Çalt üýtgeme döwründe kompaniýa 100 million DM (Nemes markasy) gowrak pul serisdesini maýa goýdy. Iki Germaniýanyn birlesmeginden sonra ozalky Treuhandanstalt, halkara tendere çykarylan täze esaslandyrylan BERLIN-CHEMIE AG kompaniýasyny satyn aldy.


1992 – Italýan MENARINI Group toparyna satylmagy

Halkara tender islerinde, in uly italýan derman öndüriji kompaniýasy MENARINI Group topary kompaniýanyn sol döwürdäki kynçylyklara döz gelmegi üçin marketing we satuw bölümlerini gineltmezden ozal 1992-nji ýylda BERLIN-CHEMIE AG-y aldy. 1993-nji ýyldan bäri BERLIN-CHEMIE kompaniýasy Germaniýanyn derman senagaty bazarynda isläp gelýär we 1994-nji ýyldan bäri uly ykdysady ýenisleri gazandy. Sonky ýigrimi ýylyn dowamynda BERLIN-CHEMIE kompaniýasy halkara derejesinde isleýän üstünlikli derman öndürijisine öwrüldi.

Goşmaça temalar