Maksadymyz

Ýasaýys üçin bilelikde

BERLIN-CHEMIE kompaniýasy dünýä meshur MENARINI Group toparynyn agzasy bolany bäri, kompaniýa durnukly ösdi we üstünlikli ginedi. Lukmanlaryn we hassalaryn lukmançylyk talaplaryny kanagatlandyrmak üçin niýetlenen önümleri ulanysa goýbermek arkaly BERLIN-CHEMIE kompaniýasy öz ulanyjylaryna kardiologiýa, dem-alys keselleri, süýji keseli, boýun agyry we geljekde onkologiýa ugurlary üçin dürli görnüsli önümleri hödür edip bilýär.

BERLIN-CHEMIE kompaniýasynda biz öz müsderilerimiz bilen hyzmatdaslyk edýänimize guwanýarys we bu bize subutnama esasly dermanlarda dowamly ösmäge mümkinçilik berýär we hassalaryn durmusyny ýokarlandyrýan önümlerimizin mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýol berýär.

Bizin maksadymyz halkara we milli derejedäki beýleki kompaniýalar bilen hyzmatdaslyk we ygtyýarnama ylalasyklary arkaly täze lukmançylyk önümlerini bazara çalt depginde çykarmak bolup durýar. Bu bolsa bizin müsderilerimize bar bolan in döwrebap terapewtik mümkinçiliklerin dürli görnüsini hödürlemäge sert döredýär.

Bu üstünlik girewi, elbetde, BERLIN-CHEMIE kompaniýasynda zähmet çekýän adamlaryn basarnyklary bilen berk baglanysyklydyr. Bizin isgärlerimiz lukmançylyk marketing ugrunda ençeme ýyllyk tejribesi bolan hünärmenlerdir.

MENARINI Group toparynyn tagallalary saýasynda BERLIN-CHEMIE kompaniýasynyn strategik korporatiw maksatlary ylmy barlag, ösüs we halkara ülnüleri ugurlaryndan ybaratdyr. Iki strategiýa hem ejir çekýänlere sypa berýän täzeçil önümleri dünýänin ähli hassalary üçin elýeter etmäge niýetlenendir. BERLIN-CHEMIE kompaniýasy hassalaryn ýasaýys-durmus hilini ýokarlandyrmak üçin bu korporatiw maksatlary Germaniýada, Gündogar Ýewropada we GDA sebitinde dowamly ýola goýýar.

Goşmaça temalar