1956 – VEB Berlin-Chemie
Ikinji Jahan ursy tamamlanandan sonra, Schering AG-yn Adlershofdaky zawody Sowetlerin eýelän ýerinde we sonlugy bilen Germaniýa Demokratik Respublikasynda ýerlesdirildi. Söküs islerinde kompaniýa masynlary, enjamlary, synaghana desgalaryny we çyg mallary ýitirýär, emma sol bir wagtyn özünde harby administrasiýanyn buýrugy esasynda önümçilik dowam edýärdi. Önümlerin aglaba bölegi Sowet gosunlary tarapyndan öwez tölegi hökmünde alyndy. 1948-nji ýylda, the Adlershof zawody döwlet eýeçiligine geçirildi we döwletin garamagyndaky kärhana öwrüldi.
50-nji ýyllaryn ortalaryndan son kompaniýa "VEB Berlin-Chemie" kompaniýasy hökmünde gol çekildi. Sondan sonky ýyllarda, döwlet eýeçiligindäki kompaniýa Germaniýa Demokratik Respublikasyndaky derman öndürýän in uly himiýa kompaniýalarynyn birine öwrüldi. Penisillin, insulin we hloramfenikoldan dasary, VEB Berlin-Chemie kompaniýasy pestisid we olara degisli önümleri, sonra bolsa jaý gurlusygy üçin silikat we dokma hem-de kosmetika senagaty üçin çig mallary öndürdi.