Berlin-Chemie kompaniýasy 130 ýyldan gowrak wagt bäri farmasewtiki önümleri işläp düzmek, öndürmek we ýaýratmak bilen meşgullanýar we 1992 ýyldan bäri öňdebaryjy italýan farmasewtiki kompaniýa bolan Menarini Group kompaniýalar toparynyň golçur kompaniýasy bolup durýar. 

Hünärmenler

Berlin-Chemie Onlaýn Akademiýa, ýagny dünýä boýunça meşhur hünärmenlerden ybarat bolan fakultet tarapyndan dolandyrylýan maksada gönükdirilen, köpugurly lukmançylyk bilimi arkaly hassa netijelerini gowulaşdyrmagyňyza kömek etmegi özüne borç edinen platforma bilen tanyşyň.

Terapewtiki ugurlar

Gastroenterology

Gastronenterologiýa içerki lukmançylygyň bir bölegi bolup, aşgazan-içege ulgamynyň ekzokrin aşgazanasty mäziniň ýetmezçiligi (EPI) ýa-da gaharjaň içege sindromy (IBS) ýaly keselleri,meselem içegäniň we beýniň köplenjinde ysgyndan düşürme we giňden ýaýran keselleri bolup durýarlar, anyklamaga, bejermäge we öňüni almaga gönükdirilen bir bölegi bolup durýar. Kliniki praktikada IBS gaýtalanýan garynda agyry we kadadan daşary bolan defekasiýa bilen görkezilýär. EPl, içegäniň lýumeninde ýagyň, uglewodlaryň we beloklaryň kadaly siňmegine mümkinçilik berýän aşgazan asty mäz fermentleriniň ýoklugy bilen kesgitlenýär. EPI kliniki taýdan kesgitlenen sindromdyr, ol steatorreýanyň (ýagly uly täret), agramyň ýa-da myşsanyň ýiti derejede ýitmegine, ýagda ereýän ýa-da witamin ýetmezçiligine ýa-da beýleki kliniki aýratynlyklara esaslanýar.

EPI-niň iň ýaýran sebäbi pankreatit keseli (CP), ýagny CP (dowamly pankreatit) bolan hassalaryň 30-50% ýüze çykýar. Bular ýaly ýagdaýlary dolandyrmak BERLIN-CHMIE AG kompaniýasyna IBS we EPI gastroenterologiki keseller bilen kesellän adamlara derman üpjün etmek itergi bolup durýar.