Berlin-Chemie kompaniýasy 130 ýyldan gowrak wagt bäri farmasewtiki önümleri işläp düzmek, öndürmek we ýaýratmak bilen meşgullanýar we 1992 ýyldan bäri öňdebaryjy italýan farmasewtiki kompaniýa bolan Menarini Group kompaniýalar toparynyň golçur kompaniýasy bolup durýar. 

Hünärmenler

Berlin-Chemie Onlaýn Akademiýa, ýagny dünýä boýunça meşhur hünärmenlerden ybarat bolan fakultet tarapyndan dolandyrylýan maksada gönükdirilen, köpugurly lukmançylyk bilimi arkaly hassa netijelerini gowulaşdyrmagyňyza kömek etmegi özüne borç edinen platforma bilen tanyşyň.

Terapewtiki ugurlar

Fever

Gyzdyrma - adam bedeniniň (>37.9° C) adaty gyzgynlykdan ýokary çykmagyna diýilýär we giňden kesellerde ýüze çykýar. Köplenç, ýiti gyzdyrma özüni çäklendirýän wirus keselleri (hiç hili bejergisiz öz özi ýok bolýan keseller bolup durýarlar) we çylşyrymly bolmadyk bakteriýa keselleri sebäp bolup durýarlar we bir hepde we ondan az wagtyň içinde gidýärler. Bu bedeniň ýokanç serişdelere we toksinlere garşy çylşyrymly täsiriniň bir bölegidir. Hossarlar çagalar kesellän halatynda, mysal üçin çagalyk döwründe giňden ýaýylan gyzdyrma keseli, hökmany suratda olar barada alada edýärler. Gynansak-da, hossarlaryň çenden aşa alada etmeginiň netijesinde çagalar hem çenden aşa alada edýärler. Şonuň üçin hossarlaryň düşünmegi we agyry we gyzdyrmany dolandyrmak - çagalykda köp duş gelýän hadysalar bolup durýarlar, diňe çagalaryň saglygy we abadançylygy nukdaýnazaryndan däl-de, eýsem gyssagly pediatriýa kömek bölümlerine zerur däl saparlaryň ykdysady ýüküni azaltmak üçinem möhümdir. Bu bolsa BERLIN-CHEMIE AG kompaniýasynda gyzdyrmadan ejir çekýän näsaglary zerur bolan maglumat we dermanlar bilen üpjün etmek üçin itergi bolup durýar.