Berlin-Chemie kompaniýasy 130 ýyldan gowrak wagt bäri farmasewtiki önümleri işläp düzmek, öndürmek we ýaýratmak bilen meşgullanýar we 1992 ýyldan bäri öňdebaryjy italýan farmasewtiki kompaniýa bolan Menarini Group kompaniýalar toparynyň golçur kompaniýasy bolup durýar. 

Hünärmenler

Berlin-Chemie Onlaýn Akademiýa, ýagny dünýä boýunça meşhur hünärmenlerden ybarat bolan fakultet tarapyndan dolandyrylýan maksada gönükdirilen, köpugurly lukmançylyk bilimi arkaly hassa netijelerini gowulaşdyrmagyňyza kömek etmegi özüne borç edinen platforma bilen tanyşyň.

Terapewtiki ugurlar

Rewmatologiýa

Giriş

Rewmatologiýa, bogunlara, süňklere, myşsalara we wagtal-wagtal awtoimmun bozulmalaryna täsir edýän şertleri barlamaga, kesgitlemäge we bejergä gönükdirilen lukmançylyk ugrudyr.

Rewmatiki keseller, artrit, awtoimmun rewmatiki kesel we beýlekiler bilen bir hatarda ýumşak dokuma rewmatizmi ýaly köp dürli şertlerden durýar.

Artrit bogunlaryň oňaýsyzlygy we çişmeginiň bolmagy bilen kesgitlenýär. Artiriň hemme görnüşiniň arasyndan iň köp ýaýrany osteoartritdir. Rewmatoid artrit - fiziki deformasiýalara, funksional kesellere we hatda uzak möhletli maýyplyga çuňňur täsiri sebäpli artritiň iň görnükli görnüşleriniň biri hökmünde giňden tanalýar.

Artrit - monosodium urat kristallaryň orta çykmagy bilen, podagranyň döremegine ýa-da psewdopodagranyň döremegine sebäp bolýan kalsiý pirofosfat kristallarynyň emele gelmegi sebäpli ýüze çykyp biler. 

Rewmatolog, her bir näsagda artritiň takyk görnüşini täsir astynda bolan bogunlaryň we başga alamatlaryň bardygyny seljermek arkaly her bir näsagda artritiň anyk görnüşini kesgitläp biler. Artritiň dürli görnüşleriniň bejergisiniň we anyklamasynyň düýpgöter tapawutlanýandygyny ykrar etmek wajypdyr.