Berlin-Chemie kompaniýasy 130 ýyldan gowrak wagt bäri farmasewtiki önümleri işläp düzmek, öndürmek we ýaýratmak bilen meşgullanýar we 1992 ýyldan bäri öňdebaryjy italýan farmasewtiki kompaniýa bolan Menarini Group kompaniýalar toparynyň golçur kompaniýasy bolup durýar. 

Hünärmenler

Berlin-Chemie Onlaýn Akademiýa, ýagny dünýä boýunça meşhur hünärmenlerden ybarat bolan fakultet tarapyndan dolandyrylýan maksada gönükdirilen, köpugurly lukmançylyk bilimi arkaly hassa netijelerini gowulaşdyrmagyňyza kömek etmegi özüne borç edinen platforma bilen tanyşyň.

Terapewtiki ugurlar

Angina

Angina we ýene-de angina pektoris ady bilen tanalýan kesel fiziki işjeňlik ýa-da duýgy stresi dowamynda ýüze çykýan döş rahatsyzlygynyň wagtlaýyn görnüşidir. Bu bolsa ýüregiň ýeterlik derejede kislorod almazlygy bilen orta çykýar, sebäbi koronar arteriýalarda gan dolanyşygy çäklendirilendir. Artroskoleroz ýa-da ýürek arteriýa damarlarynyň spazmlary netijesinde arteriýalaryň inçelmegi bilen ýüze çykyp biler.

Angina, adatça, döşdäki basyş, berklik ýa-da agyrlyk ýaly alamatlar bilen duýulýar, ýöne eňekden ýa-da dişlerden egin pilçelerine ýa-da gollardan bileklere we barmaklara çenli duýulýar.

Alamatlar, adatça belentlige çykmak ýa-da güýçli şemal ýa-da sowuk howada ýokary fiziki işjeňlik bilen ýüze çykýar ýa-da erbetleşýär. we birnäçe minut dynç almak bilen gowulaşýar.

Anginanyň dürli görnüşleri bar. Iň köp gabat gelýän angina görnüşleri bolsa durnukly we durnuksyz angina bolup durýar. Durnukly angina köplenç fiziki işjeňlik dowamynda ýüze çykýar. Ol dynç almak bilen ýa-da angina garşy derman almak bilen aýrylýar we adatça bäş minutdan köp dowam etmeýär.

Durnuksyz angina has ýiti bolmak bilen tiz wagtyň içinde lukmançylyk kömegine mätäçdir. Durnuksyz angina nädogry häsiýeti bilen häsiýetlendirilýär we hat-da dynç alyş wagtynda ýa-da adatdakysyndan has az işjeňlik dowamynda hem ýüze çykyp biler. Durnuksyz angina has ýitidir, köplenç 5 minutdan köp dowam edýändir we dynç almak bilen ýa-da angina dermanyny içmek bilen geçenokdyr. Kadaly gan aýlanyşygy bolmazdan, ýürek zerur bolan kislorody alyp bilenok we bu hem infarkta getirýändir. Durnuksyz angina ýiti töwekgelçilik döredýär we derrew lukmançylyk çärelerini talap edýär.

Anginany bejermek, gan aýlanyşyny gowulaşdyrmak we kynçylyklary azaltmak üçin esasy ýürek ýagdaýyny çözmegi öz içine alýar. Bu bolsa gan pygtylaşmagyny, gan basyşynyň öňüni almak üçin suwuklandyrjylary we holesterin dermanlary, aýratyn angina dermanlary, durmuş ýörelgeleriniň üýtgedilmegi, perkutan we hirurgiýa proseduralaryny öz içine alýar.