Berlin-Chemie kompaniýasy 130 ýyldan gowrak wagt bäri farmasewtiki önümleri işläp düzmek, öndürmek we ýaýratmak bilen meşgullanýar we 1992 ýyldan bäri öňdebaryjy italýan farmasewtiki kompaniýa bolan Menarini Group kompaniýalar toparynyň golçur kompaniýasy bolup durýar. 

Hünärmenler

Berlin-Chemie Onlaýn Akademiýa, ýagny dünýä boýunça meşhur hünärmenlerden ybarat bolan fakultet tarapyndan dolandyrylýan maksada gönükdirilen, köpugurly lukmançylyk bilimi arkaly hassa netijelerini gowulaşdyrmagyňyza kömek etmegi özüne borç edinen platforma bilen tanyşyň.

Terapewtiki ugurlar

Obstruktiw öýken keseli (COPD)

OBSTRUKTIW ÖÝKEN KESELI (COPD) NAME?

Dowamly obstruktiw öýken keseli (COPD), öýkeniň içine we daşyna dowamly çäkli howa akymy bilen häsiýetlendirilýän, adaty dem alşyna päsgel berýän we doly derejede bejerilmeýän öýken keselidir. 2023 ýylda dowamly obstruktiw öýken keseli (COPD) umumy dem alyş keseliň görkezijileriň 50% düzdi. 

Çilim çekmek dowamly obstruktiw öýken keseliniň (COPD) esasy sebäbi bolup durýar, olaryň 75% häzirki wagtda çilim çekýänler ýa-da öň çilim çekenler bolup durýar. Uzak wagtlaýyn himiki gyjyndyryjylara we daşky gurşawyň kirlenmegi dowamly obstruktiw öýken keseliniň (COPD) sebäbi bolup durýar.

COPD dowamly keseldir; onuň alamatlary adatça haýal ösýär, ýöne wagtyň geçmegi bilen hasam erbetleşýär. Esasy alamatlary dem almakda kynçylyk çekme ýa-da kisloroda zerurlyk duýma, tüýkülik bilen üsgürme, dem alanda demsizlik sesiň ýüze çykmagy we döşüň gysylmagy bolup durýarlar. COPD keseli bilen hassa näsaglar köplenç ýiti agyrlaşma ýa-da “öýken hüjümi” diýlip atlandyrylýan ýiti ýaramazlaşma döwürlerini başdan geçirýär we bu epizodlaryň öňüni almak möhüm bolup durýar.  COPD keseli bilen hassa näsaglar köplenç gündelik ysgynsyzlyk we depressiýa ýaly alamatlara sezewardyrlar.

COPD keseliniň dowamlylygy sebäpli keseliň öňüni irki pursatda almak örän wajypdyr. Anyklama alamatlara, fiziki gözden geçirme we anyklaýyş analizleriň netijesine esaslandyrylýar.

COPD-iň sosial durmuş ýüküni göz öňünde tutmak bilen, netijeli bejerginiň maksady hassanyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksat edinilýär. Munuň özi öýkeniň ýeterlik işini saklamagy, alamatlary gowulandyrmagy, agyrlaşmalaryň gaýtalanmagynyň öňüni almagy we ölüm howpuny azaltmagy öz içine alýar