Berlin-Chemie kompaniýasy 130 ýyldan gowrak wagt bäri farmasewtiki önümleri işläp düzmek, öndürmek we ýaýratmak bilen meşgullanýar we 1992 ýyldan bäri öňdebaryjy italýan farmasewtiki kompaniýa bolan Menarini Group kompaniýalar toparynyň golçur kompaniýasy bolup durýar. 

Hünärmenler

Berlin-Chemie Onlaýn Akademiýa, ýagny dünýä boýunça meşhur hünärmenlerden ybarat bolan fakultet tarapyndan dolandyrylýan maksada gönükdirilen, köpugurly lukmançylyk bilimi arkaly hassa netijelerini gowulaşdyrmagyňyza kömek etmegi özüne borç edinen platforma bilen tanyşyň.

Terapewtiki ugurlar

Gipertoniýa (ýokary gan basyşy)

Ýürek arteriýa damarlary arkaly bedeniň ähli ýerlerine gan aýlanyşygyny amala aşyrýar. Ýüregiň her gezek gysylmagy gan damarlaryna gan aýlanyşygyny amala aşyrýar. Gan basyşy, ýürek tarapyndan arteriýa damarlaryna ganyň iterilmegi bilen emele gelýär. Basyşyň artmagy bilen ýüregiň işjeňligi ýa-da iş hereketi artýar. Adatça ýokary gan basyşy diýlip atlandyrylýan gipertoniýa, gan arteriýalarynda yzygiderli ýokarlanýan basyş bilen häsiýetlendirilýän lukmançylyk bozulmagydyr.

Gipertoniýa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitindäki keseller we ölümler üçin esasy töwekgelçilik bolup, 2019-njy ýylda ölümleriň dörtden birine (24%) we maýyplyk ýagdaýynyň 13%-ine deňdir. Gan basyşynyň ýokarlanmagy ýürek-damar ölümleri we jepalar (ilata täsir) üçin möhüm töwekgelçilikdir. Gipertoniýa, köplençde hiç hili ýüze çykmaýan alamatlar bilen göze görünmän bilner Netijede, başlangyç kliniki görkezijiler betbagtçylykly netijelere getirip biljek ýürek agyry ýa-da insult ýaly agyr hadysalar hökmünde ýüze çykyp biler. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitinde gipertoniýaly adamlaryň takmynan 33%-i öz ýagdaýlaryndan bihabar, hatda ýüze çykarylanlaryň arasynda dolandyryş gereginden az bolup biler.

Gan basyşy iki sany san bilen alamatlandyryp bilner. Sanlaryň ilkinjisi (sistolik) ýüregiň pulsyny ýa-da ýüregiň gan damarlaryndaky çykan basyş görkezýär. Diastoliki san diýlip atlandyrylýan ikinji san, ýürek urgularynyň arasynda dynç alýan döwürde gan damarlaryndaky basyşy görkezýär. Gipertoniýa, sistolik gan basyşyny iki aýry ýagdaýda ölçenip,≥140 mmHg görkeziji bilen we / ýa-da diastolik gan basyşy iki aýry ýagdaýda ölçenip ≥90 mmHg görkeziji bilen kesgitlenýär.

Has ýokumly iýmitlenmek, çilimden aýrylmak we fiziki işjeňligi artdyrmak möhüm derejede gan damarlarynda basyşyň azalmagyna getirýär. Käbir adamlada gipertoniýa öz durmuş ýörelgelerini üýtgetseler hem dowam eden halatynda lukmanlar bir ýa-da birnäçe derman serişdelerini ulanmagy maslahat berip bilerler. Gan basyşynyň iň amatly maksady goşmaça saglyk meselelerine baglylykda üýtgäp biler. Adamlaryň köp bölegi gan basyşynyň 140/90 görkezijiden pes bolmagynyň tarapdarydyrlar.

Gan basyşyny ele almak üçin adatça bellenen dürli dermanlar bar, şol sanda ACE inhibitorlary, angiotensin-2 reseptor blokatorlary, kalsiý kanal blokatorlary we diuretikler we gidroklorotiýazid we hlortalidon ýaly dermanlar bar.