Allergiýa - adatça immunitetiň polen, tozaň ýa-da haýwan tüýi ýaly zyýansyz zatlara çenden aşa herekete geçmegi diýmekdir.
Allergenler - käbir adamlarda allergiýa reaksiýasyny döredip bilýän maddalara diýilýär. Köp gabat gelýän allergenler:
Agaç we ot pollenleri
Jaýyň tozaňlary
Ýumurtga we hoz ýaly iýmitler
Mör-möjekler
Pişik we güjük tüýleri
Käbir dermanlar
Haçan-da allergen bedene giren halatynda ol immunitetiň şu aşakdaky görkezilenleri gozgap biler:
Burnuň akmagy
Asgyrma
Üskürme, dem gysma
Deriniň gyjyndyrylmagy ýa-da örgünleri
Gözleriň (konýuktiwit), dodaklaryň, agzyň ýa-da damagyň çişmegi
Allergenlerden gaça durmak bejerginiň esasy bölegi bolup durýar Allergiýalary bejermek üçin birnäçe derman serişdeleri bardyr. Orta allergiki täsirler üçin antihistamin derman serişdeleri ulanylyp bilner. Demgysma derman serişdeleri dem almak arkaly alynýan steroidler we agyzdan alynýan antileukotrienler hem täsirlidirler.
Ýiti allergiki reaksiýalar üçin desensitizasiýa edilip bilner. Bu bolsa, bedeniňize wagtyň geçmegi bilen alamatlary azaldyp, allergenlere öwrenişmäge ýardam edýär.