Berlin-Chemie kompaniýasy 130 ýyldan gowrak wagt bäri farmasewtiki önümleri işläp düzmek, öndürmek we ýaýratmak bilen meşgullanýar we 1992 ýyldan bäri öňdebaryjy italýan farmasewtiki kompaniýa bolan Menarini Group kompaniýalar toparynyň golçur kompaniýasy bolup durýar. 

Hünärmenler

Berlin-Chemie Onlaýn Akademiýa, ýagny dünýä boýunça meşhur hünärmenlerden ybarat bolan fakultet tarapyndan dolandyrylýan maksada gönükdirilen, köpugurly lukmançylyk bilimi arkaly hassa netijelerini gowulaşdyrmagyňyza kömek etmegi özüne borç edinen platforma bilen tanyşyň.

Sosial Ulgam Ulanyjylary üçin Gizlinlik Habarnamasy

Sosial Ulgam Ulanyjylary üçin Gizlinlik Habarnamasy

- mad. 14-nji mad. Düzgünnama (ÝB) 2016/679 (“GDPR”)

Bu gizlinlik habarnamasynda RO Berlin- Chemie AG” in Turkmenistan -niň, (“Menarini”), Facebook, YouTube, Twitter, Instagram ýa-da LinkedIn we şuňa meňzeş ulgamlar ýa-da portallar (şeýle hem “Sosial ulgamlar”) ýaly sosial ulgamlardaky profiliňizi ulanyp, Menarininiň bu sosial ulgamlarlardaky profilleri / sahypalary bilen özara täsirleşmä gireňizde ýa-da şol sosial ulgamlara girilen wagtyňyz Menarininiň websaýtlaryny görüşdireňizde şahsy maglumatlaryňyzy nähili işleýändigi beýan edilýär.

Bu resminama diňe Menarini tarapyndan amala aşyrylýan şahsy maglumatlary işlemek amallaryna salgylanýar: maglumatlaryňyz aslynda birinji etapda profiliňiziň bolan (şahsy maglumatlaryňyzyň “Maglumat gözegçisi” hökmünde çykyş edýän) Sosial ulgam tarapyndan ýygnalýar we işlenilýär we diňe Menarini sosial hasaplary, sahypalary ýa-da web sahypalary bilen özara täsirleşmede bolsaňyz, Menarini Sosial ulgamda saklanýan maglumatlaryň kiçi bir bölegine girip, ol maglumatlary işläp biler. Menarini degişli Sosial ulgamdan alan şahsy maglumatlaryňyz babatynda “garaşsyz maglumat gözegçisidir”: bu Sosial ulgamlaryň we Menarininiň, degişlilikde girýän şahsy maglumatlaryňyzy işlemegiň maksatlaryny we usullaryny özbaşdak kesgitleýändigini aňladýar.

Menarini tarapyndan ýerine ýetirilýän gaýtadan işlemek amallary aşakda beýan edilýär. Sosial ulgamlaryň maglumatlaryňyzy nähili işleýändigini bilmek isleseňiz, Sosial ulgam profil(ler)iňiziň üsti bilen bar bolan Gizlinlik Syýasatlaryny okamagyňyzy maslahat berýäris.

Sosial ulgamdaky (“Sahypa”) Menarininiň hasaby / sahypasy / profili bilen özara täsirleşmä girseňiz, Menarini siziň profiliňizden göz öňünde tutulan özüňiz barada aşakdaky şahsy maglumatlary işläp biler: at, familiýa, ulanyjy ady we beýleki biografiki we hünär maglumatlary, ýaş, jyns, siziň tarapyňyzdan meýletin köpçülige mälim edilen ýa-da beýleki funksiýalar arkaly Sosial ulgam arkaly paýlaşylýan maglumatlar; sosial ulgamda “Menarini” sahypasyndaky we Sosial ulgamlardaky hereketleriňiz, meselem: “laýk”-laryňyz, teswirleriňiz, köpçülikleýin ýazgylaryňyz, tegler we “heş-teg”-leriňiz; “Menarini” salgysyna iberilen şahsy habarlaryň mazmuny. 

Mundan başga-da, Sosial ulgam profiliňiz we brauzeriňiziň sazlamalary arkaly razyçylygyňyzy beren bolsaňyz, internetde gezeniňizde hereketleriňiz we islegleriňiz barada “Menarini” goşmaça maglumat alyp biler. Bu maglumatlar “köke” (cookie), web maýaklary we piksel tegleri ýaly gurallar bilen hem ýygnalyp bilner: has giňişleýin maglumat üçin brauzer sazlamalaryňyzy, Sosial ulgam profil sazlamalaryňyzy ýa-da girýän web sahypalaryňyzyň syýasatlaryny barlamaga çagyrýarys. Menarini web sahypalarynda gurallar ulanylanda, degişli “köke” we gizlinlik ýörelgelerinde degişli maglumatlaryň berilýändigini bilmegiňizi haýyş edýäris.  Sosial ulgamdaky hasabyňyza giren bolsaňyz we şol bir enjam bilen internetde gezelenç eden bolsaňyz, Menarininiň ýaş topary, “laýklar” we ş.m. ýaly Sosial ulgam profiliňize birikdirilen käbir maglumatlary tapyp biljekdigini we käbir ýagdaýlarda sizi tanap biljekdigini aýan edýäris. 

Maglumatlaryňyz aşakdaky maksatlar üçin işlener:

  • ýazgylaryňyza, haýyşlaryňyza we soraglaryňyza jogap bermek we Sahypanyň üsti bilen ýerine ýetirilen çärelere gatnaşmagyňyza mümkinçilik bermek; Sahypanyň mazmunyny dolandyrmak we optimizirlemek, Sahypa ýa-da web sahypalarymyz bilen täsirleşýän ulanyjylar barada statistik derňewleri we bazar gözleglerini geçirmek.
  • kanuny borçnamalaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem Menarininiň önümlerini ulanmak bilen baglanyşykly hakyky ýa-da bolup biljek ýaramaz wakalar barada gözegçilik, yzarlamak we häkimiýetlere / beýleki guramalara (ygtyýarnama berijiler, ygtyýarnama alanlar we ş.m.) hasabat bermegi talap edýän jemgyýetçilik saglygyny goramak bilen baglanyşykly borçnamalaryny berjaý etmek.
  • “Netiquette” şertleriniň berjaý edilmegine göz ýetirmeli; Menarininiň kanuny hukuklaryny berjaý etmeli; Menarininiň ahlak kadalaryny we toparlaýyn özüňi alyp baryş şertlerini berjaý etmeli.
  • Menarininiň Sosial Ulgam hasaby, şol sanda mahabat ýa-da habar ibermek arkaly Menarininiň işlerine, önümlerine ýa-da hyzmatlaryna (saglyk bilen baglanyşykly önümleriň we hyzmatlaryň mahabat çäreleri baradaky degişli kanunlara laýyklykda) mahabat kampaniýalaryny geçirmek.
  • size öňki anyklama nokadynda görkezilen çärelere, önümlere we hyzmatlara degişli maksatly mahabatlary (“profilleme”) ibermek.

Menarini tarapyndan Sosial ulgamlar arkaly çap edilen, iş ýeri tekliplerine degişli hünärmenlik gatnaşygyny bahalandyrmak ýa-da döretmek bilen baglylykda toplanan ulanyjy maglumatlary barada.

Üçünji taraplara degişli maglumatlary çap eden bolsaňyz, maglumatlary goramak kanunlaryna laýyklykda maglumat we razylyk ýygnamak bilen baglanyşykly talaplary berjaý etmek siziň jogapkärçiligiňizdir.

Menarininiň Sosial ulgam profiliňiz arkaly alýan maglumatlaryňyzy işlemäge razylygyňyz barada şulary düşündirýäris: (i) Sosial ulgamlarda hasap açaňyzda, sizden degişli razylyklar soralýar we olary islän wagtyňyz şahsylaşdyryp bilersiňiz (Menarini bu amallary haýsydyr bir usul bilen dolandyrmaýar – olar tutuşlygyna Sosial ulgamlar tarapyndan dolandyrylýar); (ii) Menarini tarapyndan gaýtadan işlenýän maglumatlar Sosial ulgam tarapyndan elýeterli edilen maglumatlardyr: bu Sosial ulgam tarapyndan birugsat maglumatlaryň aýan edilmegi ýa-da saýlan saýlawlaryňyzy bozup, islenilmeýän mahabatlaryň / habarlaryň alynmagy üçin Menarininiň jogapkärçilik çekmeýändigini aňladýar.

Maglumatlaryňyz esasan elektron görnüşinde işlener we IT ulgamlaryna kanunylyk we adalatlylyk ýörelgelerine laýyklykda maglumatlaryň howpsuzlygy we gizlinlik taraplaryny goşmak bilen ulanylýan maglumat gizlinlik kanunlaryna laýyklykda giriziler. Bellenen maksatlara ýetmek üçin maglumatlar zerur bolvança berk saklanar – islendik ýagdaýda saklanyş möhletini kesgitlemek üçin ulanylýan kriteriýa kanun tarapyndan rugsat berlen wagt çäklerine we maglumatlary azaltmak, saklamagy çäklendirmek ýa-da arhiwimizi makul dolandyrmak ýörelgelerine esaslanýar.

Menarininiň aşakdaky kategoriýalara degişli işgärleri ulanyjynyň maglumatlaryny işlemäge ygtyýarlydyr: tehniki we dolandyryş işgärleri, IT işgärleri, önüm dolandyryjylary, içerki gözegçilik we ýerine ýetiriş, şeýle hem iş borçlaryny ýerine ýetirmek üçin maglumatlary işlemegi talap edýän beýleki işgärler. 

Maglumatlar daşary ýurtlarda we / ýa-da ÝB degişli bolmadyk ýurtlarda (“Üçünji ýurtlar”) Menarini Toparynyň beýleki kompaniýalaryna (daşary ýurtda hem ýerleşýänleri hem goşmak bilen) 6.1. (f) we.

Mundan başga-da, Maglumat Üçünji ýurtlarda Menarini Gözegçilik Guramasyna, üçünji taraplara, meselem, IT we Bulut hasaplaýyş hyzmatlaryny üpjün edijilere we kiçi üpjün edijilere, Menarininiň sahypalaryny dolandyrýan tor hyzmatlary üpjün edijilere we Menarininiň adyndan geňeş (meselem, salgyt, administratiw we ş.m.) hyzmatlary berýän kompaniýalara, edaralara, guramalara, jemgyýetçilik guramalaryna degişli kanunçylyga laýyklykda özleriniň guramaçylyklaýyn maksatlaryny ýerine ýetirmekleri üçin geçirilip bilner; Audit, kompaniýa birleşdirilmegi we alynmagy (şeýle hem, daşary ýurtda) üçünji taraplara geçirilip bilner. Maglumaty alyjylar olary ýokarda görkezilen maksatlar üçin we hereket edýän kanunlara laýyklykda işlemeli. 

***

Aşakdaky ýagdaýlarda biziň bilen ýokarda görkezilen salgy arkaly habarlaşyň:

  • Biziň maglumaty goramak düzgünlerimiz we proseduralarymyz barada haýsydyr bir sorag ýa-da teklibiňiz bar bolsa,
  • Hereket edýän kanunlar bilen laýyklykda maglumatlaryňyz bilen baglanyşykly has giňişleýin maglumat almak, maglumatlara girmek, olary üýtgetmek ýa-da başga kanuny hukugyňyzy ulanmak isleseňiz.